Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň barşynda umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 988 müň 850 dollaryna barabar bolan jemi 40 geleşik hasaba alyndy.
Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler topary daşary ýurt pulunyň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Söwda geleşikleriniň barşynda milli manadyň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine Senagat we gurluşyk ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen portlandsement, şeýle hem Türkmenistanyň dokma toplumynyň önümleriniň uly bölegi, şol sanda tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 560 müň manat boldy.