Türkmenistanyň Rysgal paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin toparlaýyn töleg nyrhnamasyna üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berýär. Nyrhnamalaryň bu üýtgeşmeleri  2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan güýje giriziler.

 Nyrhnamalaryna üýtgeşmeler girizilen hyzmatlara şular degişlidir:

- bankyň içindäki we bankara tölegler;

- kassa amallary (pul serişdeleriniň kabul edilmegi we gaýtadan hasaplanmagy, telekeçileriň şahsy hasabyndan nagt serişdeleri bermek we ş.m);

- daşary ýurt puluny alyş-çalyş etmek boýunça amallar;

- akkreditiwler bilen amallar (açmak, hyzmat etmek);

- bankomatlaryň we terminallaryň içindäki, Altyn Asyr ulgamyndaky bank kartlary bilen amallar;

- internet-ekraýring;

- resminamalary taýýarlamak, haýyşnamalary, hasap kitapçalaryny bermek we beýlekiler;

- Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň MasterCard halkara töleg ulgamy karty boýunça amallar.

Hyzmatlaryň we täze nyrhnama maksatnamalary hakynda has giňişleýin maglumat üçin ssylka girip bilersiňiz.