Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 727 müň 363 dollaryna deň bolan jemi 32 geleşik baglaşyldy. 

Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň we Wirgin adalarynyň işewürleri daşary ýurt puluna ,,Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny  we uçar kerosinini, şeýle hem Türkmenistanyň dokma toplumynda öndürilen ýüplügini hem-de tekiz boýalan, žakkard ýüň önümlerini satyn aldylar.

Manat serişdeleriniň hasabyna türkiýeli täjirlere umumy bahasy 7 million 810 müň manat bolan nah ýüplügi ýerlenildi. 

Türkmen telekeçileri içerki bazaryň zerurlyklary üçin umumy bahasy 110 million 726 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, nebit koksuny we plastik poddonlary satyn aldylar.