Aşgabatda 16-njy aprelde hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Hytaýa gaz ulgamynda uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar. Komitetiň agzalary hereket edýän şertnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini ibermegiň möçberini artdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe beýleki ugurlaryna-da deglip geçildi. Hususan-da, demir ýol ulgamynda häzirki döwrüň barha artýan isleglerini, şol sanda täze ýükleriň getirilýändigini, bu pudagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nazar alyp, demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda degişli taslamalaryň üstünde işlemek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi.

Şonuň ýaly-da, logistika taslamalaryna üns berildi. Şoňa görä, bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlemek we ozalky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak barada degişli teklipler aýdyldy. Lebap welaýatynyň Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmak babatda beýan edilen teklipleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi.