Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 372 müň 430 dollaryna deň bolan jemi 47 geleşik baglaşyldy. 

Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Irlandiýanyň, Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri daşary ýurt pulunyň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Şeýle hem dollar serişdeleriniň hasabyna beýleki döwletleriň telekeçileri nah ýüplügini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, portlandsementi satyn aldylar. 

Milli manat serişdelerine Türkiýäniň we Gazagystanyň täjirlerine umumy bahasy 2 million 98 müň 500 manatdan gowrak bolan nah ýüplügi ýerlenildi.

Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri umumy bahasy 48 million 710 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny we haly önümlerini satyn aldylar.