Türkmenistanda girdejisi we çykdajysy umumy möçberde 95,1 milliarda golaý bolan 2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakynda kanuna gol çekildi. Ol şu ýyl üçin kabul edilen döwlet býujetinden 11,1 göterim ýokarydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew resmi habar beriş serişdeleriniň wekillerine «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet býujeti hakynda degişli kanuna gol çekdi.
Döwlet býujetiniň ilkinji derejeli çykdajylary we girdejileri 29,1 milliard manada deňdir. Serişdeleriniň 75 göterimi durmuş ulgamyna gönükdiriler. Olaryň 39 göterimini bilim, 14,1 göterimini saglygy goraýyş, 2,6 göterimini medeniýet, 34,7 göterimini döwlet durmuş üpjünçilik, 9,6 göterimini bolsa jemagat hyzmatlary ulgamyna sarp etmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 66,5 göterimi önümçilige, 33,5 göterimi durmuş we medeni maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, suw desgalarynyň, elektrogeçirijileriniň, lagym akymlarynyň we awtoulag ýollarynyň gurluşygyna sarp ediler.
Geljek ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgininiň belli görkezijilerde 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar.