Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16 Oktýabr, 2020 ý. 


Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

«Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň sanawy ylalaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek hem-de seljermek boýunça zerur işler yzygiderli alnyp barylýar.

Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli sanaw hödürlenildi. Bu sanawdaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, durmuş ugurly ykdysady ulgamyň okgunly ösüşiniň gazanylandygyny belledi. Bu ykdysadyýet eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini hem-de degişli sanawy makullap, bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň karz berýän edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda, onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, kiçi möçberli karzlar üçin «Owerdraft karty» atly täze bank kartyny işe girizmek teklip edilýär.

Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň döwlet paýdarlar we täjirçilik banklary tarapyndan çykarylmagy meýilleşdirilýän bu kartyň nusgalary hödürlenildi. Şu taslamalar taýýarlanylanda milli öwüşginde we döwrebap görnüşde beýan edilen şekiller göz öňünde tutuldy.

Milli Liderimiz sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny, şol sanda töleg kartlaryny ornaşdyrmagyň geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata hödürlenilýän, şol sanda Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işlere kanagatlanma bildirip, «Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň nusgalaryny makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, uglewodorod ýataklaryny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipelere, şol sanda onuň senagat, ylmy-tehniki we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurt maýasyny çekmek baradaky wezipelere ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyna häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýangyç çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen birlikde içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini nazara almak bilen, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de möwsümleýin meýdan işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekişi dowam edýär. Ony bellenen möhletde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek hem-de möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini guramak maksady bilen degişli anyk çäreler görülýär. Welaýatlaryň toprak-howa aýratynlyklaryndan ugur alnyp, gögeriş almak üçin gögeriş suwy, gögeriş alnan ýerlerde bolsa ösüş suwy tutulýar.

Şunuň bilen bir hatarda pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, pagtaçylar bilen özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, kombaýnlary netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ýygnap alýan pagtasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen önümler bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ähli welaýatlarda gök, bakja ekinleriniň hasyly, miweler ýygnalyp, içerki bazarlarda ýerlenilýär. Şonuň ýaly-da, güýzde ekilen beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri dowam edýär hem-de soganyň ekilişini gysga möhletde tamamlamak üçin degişli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň obada bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmegine, pudagy tehniki we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmegi hem-de düzümini özgertmegi, täze ýerleriň özleşdirilmegini, topragyň we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artdyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Ýurdumyzda möhüm wezipeleriň biri-de maldarçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Pudaga berilýän aýratyn ünsüň netijesinde, döwlet we hususy eýeçilikdäki mallaryň baş sany ýyl-ýyldan artýar. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu pudakda seçgiçilik işini zerur derejede guramak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Yzygiderli satyn alynýan hem-de bugdaý oragynda, pagta ýygymy möwsüminde we ekiş döwründe meýdanlara çykarylýan täze döwrebap tehnikalar oba hojalykçylar üçin uly goldaw bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmagyň möhüm ugrudyr.

Bu babatda görülýän maksadalaýyk çäreler obada işçi hünärleriň abraýyny artdyrmaga, ýaş işgärleri çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de mehanizatorlaryň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we Aşgabat şäherini has-da abadanlaşdyrmak hem-de öňde boljak uly baýrama — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher gurşawyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýol-ulag düzümi kämilleşdirilýär, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň daşky keşbini gowulandyrmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, durmuş-medeni we beýleki maksatly täze möhüm desgalaryň gurluşygy boýunça işler güýçli depginde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň örän wajypdygyny nygtap, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň iri möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmakda ilatyň durmuşynyň mynasyp şertlerini üpjün etmäge, paýtagtymyzy, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmaga aýratyn orun berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere soňky ýyllarda ägirt uly üstünliklerimiziň esasy alamatyna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň nyşanyna öwrülen depginli ösýän häzirki zaman Aşgabadyň keşbini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek hem-de pudagy mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de demir ýol ulagynyň düzümini mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýokary hilli ulag hyzmatlaryny etmek hem-de ýük daşamak ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebit we sebitara ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçmegiň döwrüň zerurlygydygyny hem-de ähli işleri ýokary derejede guramaga we amala aşyrylýan işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz kommunikasion toplumyň sanly ulgamyny ösdürmek meselesi barada durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda giň gerimli kommunikasion ulgamy döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagy sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ähli ugurlarda giň gerim bilen ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer serginiň şu ýylyň 1-nji noýabryndan Internet ulgamynda öz işine başlamagynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini, giň gerimli işleriň geçirilip, uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzir Türkmenistan batly gadamlar bilen ösýän, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tanalýar. Berkarar Watanymyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Çalt üýtgeýän bazar şertlerinde ykdysadyýetiň döwlet düzümlerine, şeýle hem hususy kärhanalara häzirki we geljekki sarp edijileri özleri we alyp barýan işleri barada has doly we takyk maglumatlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.

«Wirtual sergi» taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky döwürde Internet ulgamynda ählumumy wirtual sergileriň sany tiz artyp, olara gatnaşyjylara öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Wirtual diwarlyklarda maglumat we aragatnaşyk, harytlaryň suratlary we beýany barada maglumatlar ýerleşdirilmelidir. Şonuň üçin şeýle sergileri Türkmenistanda giňden ornaşdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary we nou-haulary zerur boldugyça işjeň çekmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz taslamany amala aşyrmak hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda geçirilýän işleri makullap, degişli ugurda geçirilýän işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Hasyl toýy, Türkmenistanyň milli pulunyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, maslahatlary, sergileri we döredijilik duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, wideoaragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly birnäçe çäreler guralar.

Aýyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan duşuşyklar guralar, ählihalk bag ekmek dabarasy, Hasyl toýy mynasybetli çäreler hem-de sportuň woleýbol görnüşi boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda spartakiada geçiriler.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralaryň birnäçesi geçiriler. Noýabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Saglyk» binasy hem-de ýaşaýyş jaýlary, 200 orunlyk «Bagabat» şypahanasy we oňa barýan 23 kilometrlik awtomobil ýoly, Gökdepe etrabyndaky 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar.

Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda iri ýaşaýyş toplumynyň, awtomobil ýolunyň, «Türkmen alabaýy» heýkeliniň hem-de Söwda we dynç alyş merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda bolsa Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar. Täze desgalaryň hatarynda önümçilik maksatly binalaryň birnäçesi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu baýramçylyk çäreleriniň we medeni-köpçülikleýin dabaralaryň hem-de täze desgalaryň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz olaryň hemmesiniň türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, döwrüň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem ähli medeni çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şanly senä gabatlanylan dabaralaryň bu taryhy wakanyň ähmiýetine, döwletimiziň okgunly ösüşinde Bitaraplygyň ornuna baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýändigini we şol çäreleriň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidigini nygtady.

Çärýek asyr mundan ozal Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi gadymdan bäri türkmen halkyna mahsus bolan parahatçylyk söýüjiligi şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, bizi üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna ýetmäge — ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmäge borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu Maksatnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmek, önümçilige ylmy-barlaglaryň netijelerini ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmek bilen, ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygyny üpjün etmek maksat edinilýär.

Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň dürli pudaklaryna täze himiýa tehnologiýalarynyň hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna garaşylýar.

Ylmy barlaglary geçirmek hem-de «ýaşyl tehnologiýalaryň» esasynda senagat suwlaryny we önümçilik galyndylaryny arassalamak we gaýtadan işlemek, çig maly hem-de ulanylýan serişdeleri tygşytly peýdalanmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we ýerli çig maldan dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, zehinli alymlaryň täze neslini, inžener-tehnologlary, häzirki zaman himiýa ylmy babatda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlaryň ugurdaş ylmy edaralary bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ileri tutulýan ugurlar bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň çekmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.

Milli Liderimiz himiýa pudagynda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de olaryň önümçilige çalt ornaşdyrylmagynyň örän möhümdigini nygtap, wise-premýere ylmy işleri has-da höweslendirmek, ylmy-barlag edaralarynyň mümkinçiligini giňden peýdalanmak hem-de başarjaň ýaş alymlary taýýarlamak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu halkara tor dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady bilen, 2004-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 180 şäheri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan resminamalary ÝUNESKO guramasyna ibermek teklip edilýär.

Ady agzalan gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalara laýyklykda, hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek, Ýokary bilime degişli hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleleriň üstünde degişli işler geçirilýär.

Döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin häzirki wagtda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, ony ady agzalan gurama ibermek hem-de oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda ÝUNESKO-nyň hünärmenleri bilen degişli maslahatlaşmalary geçirmek teklip edilýär.

Hyzmatdaşlykda täze ugurlaryň açylmagyny, hususan-da, sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ugurlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Milli toparynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Ol Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda bu netijeli gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, olaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ugry boýunça Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär.

Ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem-de taryhy binagärlik ýadygärlikleri gorap saklamak babatda köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar BMG-niň bu iri düzümi bilen özara gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň sanlylaşdyrmaga, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ulanmaga tarap ugur almagy bilen baglylykda däbe öwrülen gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar.

Milli Liderimiz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen bagly anyk tabşyryklar berdi. Şunda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan konstitusion özgertmelere laýyklykda hem-de dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hem-de «Döredijilik birleşmeleri hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Raýat, Administratiw we Arbitraž iş ýörediş kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, degişli halkara tejribe öwrenilip, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelýän teklipler esasynda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, Zähmet kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksini we beýleki kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.

Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär, onda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň birnäçesine seretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň yzygiderli geçirýän kanun çykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi. Bu iş döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ylmy institutlaryň degişli hünärmenleriniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny we şolary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini ýerlerde wagyz etmek hem-de ilata düşündirmek boýunça işleri bilelikde alyp barmaklarynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan taýýarlanylan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek geljek ýyl üçin teklip edilýän nyşanlaryň şekil taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan etmek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisini, hususan-da, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň serkerdeleriň ýokary hünär derejesini hem-de hukuk taýýarlygyny, döwrebap tehnologiýalara erk etmek ukybyny talap edýändigini nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nyşanlaryň şekil taslamalaryna garap, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde agza döwletleriň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasyny biragyzdan kabul etmeginiň ýurdumyzyň nobatdaky başlangyjynyň örän wajypdygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin örän zerurdyr, şoňa görä-de, biri-birinden aýrylmaz bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň we ösüşiň esasy şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ählumumy howpsuzlyk we dünýäniň ähli halklarynyň rowaçlygy, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy gymmatlyklar hem-de dostluk — bularyň ählisi umumy ykrar edilen Bitarap daşary syýasy derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň strategiýasynyň esasy ugurlarydyr.

Milli Liderimiz hödürlenen nyşanlaryň şekil taslamalary babatda birnäçe öwüt-nesihatlaryny aýdyp, bu nyşany has-da kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.turkmenistan.gov.tm