Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryna deň bolan jemi 13 geleşik baglaşyldy.
Owganystanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň we Özbegistanyň telekeçilerine dollar serişdeleriniň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen uçar kerosini, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjy we nebit ýol bitumy, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt, şeýle hem dokma, tüýjümek önümleridir portlandsement ýerlenildi.
Türkiýeli işewürler manat serişdelerine nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 780 müň manada deň boldy.