Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa  Koreýanyň eksport-import bankynyň (KEXIM) karzlaryny Türkmenistanda günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çekmek barada hasabat berdi.  

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti söwda, ykdysadyýet, ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça türkmen-koreý hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Topar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny  berkitmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berýändigini, gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze ýokary hilli derejä çykarmagy üpjün edýändigini belledi.