Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow   «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin maksatnamasy» hakynda belläp, ýurdumyzda maýa goýumlaryň möçberiniň  1,35 milliard manatdan gowrak boljakdygyny habar berdi.

Mejlis «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti» hakynda Kanuny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirildi. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, žurnalistler gatnaşdylar. 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä,  ýurdumyzda her ýylda maýa goýumlaryň möçberi artýar. 2023-nji ýylda bolsa bu görkeziji görnetin ýokarlanar. 

 «Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlar ýokarlanýar.  Olaryň belli bir  bölegi desgalaryň gurluşygyna, önümçiligiň enjamlaşdyrylmagyna we medeni- durmuş maksatlaryna  gönükdirilmelidir», - diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şeýle hem maýa goýumlaryň bir böleginiň 2023-nji ýylda has ýokary netijeleri gazanmak üçin diwersifikasiýa arkaly ykdysadyýeti ösdürmäge we innowasion häsiýetli önümçiligi döretmäge gönükdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.