Türkmenistanda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Irden sport çäresine gatnaşyjylar welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Şanly sene mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, hemmeler Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen sazlaşykly herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy.