29-njy noýabrda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.