Özbegistanyň Samarkant şäherinde 30-31-nji martda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Forumyň mejlisleri «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi syýasy dialogynyň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentleriň orny», «Sebitiň ykdysady özara baglanyşygy, durnukly ösüşi we «ýaşyl» özgerişi» hem-de «Kanunyň hökmürowanlygy, sanly özgerişlik we inklýuziw dolandyryş» atly temalarda geçirildi.
Türkmen parlamentarileri agzalan ugurlar boýunça mejlislere işjeň gatnaşyp, häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek, ulag geçirijilerini döretmek we giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr taslamalar barada belläp geçdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi