Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. 31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň halkara meýdançalardaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler we mundan beýläk-de birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetini tassykladylar.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlara özara gatnaşmak meselelerine hem seredildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi