Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 55 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammed Şahabuddine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti