25-nji martda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda türkmen diplomaty geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparyny guramakda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de türkmen tarapynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Türkmenistana saparyny ýapon tarapy üçin amatly wagtda guramaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşykda ýokary derejeli saparlaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklar, energetika howpsuzlygy ulgamyndaky, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalardaky özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri ýurtdaky häzirki ýagdaý bilen baglylykda Eýrandan ýapon raýatlarynyň howpsuz çykarylmagyny üpjün eden ynsanperwer geçelgäni döretmekde ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi