Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurdyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Konstantinos Tasulasa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti