Türkmenistan 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky meseleler 23-nji martda «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň assosiasiýanyň Baş sekretary Masato Komura bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda agzalan sergä ýurdumyzyň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi habar berildi.
Türkmenistanyň bu halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmak meýilleri üçin ýapon tarapy öz minnetdarlygy beýan etdi. Şunda guramaçy assosiasiýanyň ýurdumyzyň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.