Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň duşuşygy boldy. 24-nji martda Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenilip, ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklara we saparlara aýratyn üns berildi. Şunda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmäge bolan özara gyzyklanmasyny tassykladylar.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegine, hususan-da, oba hojalygy, nebitgaz ulgamy we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin platformany döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hem maslahatlaşyldy.
Taraplar gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.