Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn ünsi çekdiler.