Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
23-nji martda bolan söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Abbas Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.