12-nji noýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi tassyklanyldy. Bu barada   «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy. 

2021-nji ýylda döwlet býujetiniň girdeji bölegi 91 075 686 müň manada, çykdajy bölegi bolsa 90 097 999 müň manada deň boldy diýip, türkmen parlamentiniň kanun çykaryjy palatasynyň kararynda gözkezilýär.