Şu gün — 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda halkymyzyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris. Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti