17-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary, ilçi Kaýrat Sarybaý bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen CICA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça hemişelik forumy döretmek baradaky başlangyçlara aýratyn üns berildi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde CICA bilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň arasynda dialogy ösdürmek, energetika, ulag, ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, onuň halkyna ynsanperwer we ykdysady kömek bermek hem-de azyk howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar CICA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassykladylar.