Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini has-da belende göterdi.

Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykat çagalaryň we olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan çuňňur alkyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti