Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygy, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti