Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti