Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly halkara sergi üstünlikli geçirildi. Ol  «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, türkmen milli nebitgaz kompaniýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Gaffney& Cline britan kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasyndaky ulgamyň gazananlarynyň gözden geçirilişine nebitgaz ugurly kompaniýalaryň 400-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Azerbaýjandan, Malaýziýadan, Singapurdan, ABŞ-dan, BAE-den we beýleki döwletlerden 10-dan gowrak kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşyjylar uglewodorody gazyp almak, gaýtadan işlemek we saklamak, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugrunda işlenip taýýarlanylan  täzeçillikler bilen tanyşdyryldy.  

Serginiň çäklerinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň barşynda bütindünýä energetika bazarynyň ösüş ugurlaryna, uglewodorodyň gazylyp alnyşyna we bu ugurda hyzmatdaşlyga garaldy.