Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň «Sungat äleminiň bahary» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň belli sungaty öwrenijileri we suratkeşleri çykyş edip, zenan suratkeşleriň döreden eserleriniň çeperçilik taýdan gymmaty, özboluşlylygy hakda belläp geçdiler.
Ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary Dursunsolmaz Muhammedowa, Annabibi Islamowa, ýaş mugallymlar Roza Agahanowa, Mährijemal Gullaýewa, Hatyja Amansähedowa, Oguldöndi Baýramgeldiýewa, Bahar Pirgulyýewa, Sadap Kurbanowa, Aksona Saparmedowa dagy sungatyň dürli görnüşleri boýunça eserleri döredip, olaryň her biri özboluşly çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan döredijilik ýoluny tapdylar.
Serginiň ekspozisiýasynda Hatyja Amansähedowanyň, Oguljahan Ýazgulyýewanyň, Tuwak Meretliýewanyň, Gülnabat Aşyrowanyň, Mahym Rejebowanyň eserleri ýerleşdirilip, olardaky gülleriň owadan şekilleri bahar paslynyň joşgunlylygyny we ruhubelentligini wasp edýär.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti