Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi. Bu barada Özbegistanyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy habar berýär. 

Goňşy döwletiň Lideriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilmegi, şeýle hem türkmen paýtagtynda gurlan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna we  «Horezm – Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi mynasybetli çärä gatnaşmagy göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde esasy ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda onlarça resminamalara gol çekildi. 

Ýatlatsak, 14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary üstünlikli amala aşyryldy. Ol türkmen-özbek gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.