Aziýanyň ösüş banky taslamalary işläp taýýarlamak ugrunda Türkmenistan bilen tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Bu barada AÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Artur Andrysýak Azerbaýjanyň Trend.az internet neşirine beren söhbetdeşliginde belleýär. 

 «AÖB dürli ulgamlarda uly tejribä eýedir. Taslamalary işläp taýýarlamak boýunça ençeme ýyllyk tejribesi bolan  hünärmenlerimiz dünýäniň birnäçe döwletlerinde bu ugurda iş alyp barýarlar. Bu AÖB-ni halkara tejribä eýe edýär we oňa bu gymmatly bilimleri paýlaşmaga mümkinçilik berýär», – diýip, bankyň wekili belledi.  

Aziýanyň ösüş bankynyň taslama ylalaşyklaryny baglaşmak, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak üçin maliýeleşdirmegiň gurluşy, ekologiýa  durnuklylygy we siwilizasiýa ýaly ulgamlardaky tejribesi türkmen tarapy üçin has-da ähmiýetli bolar.