Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryndan gowrak bolan jemi 20 geleşik hasaba alyndy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ECO 93 awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine daşary ýurt puluna Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleri — jins matasy, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi.
Milli manat serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň täjirleri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 150 müň manat boldy.