«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde türkmen paýtagtynyň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň esasy maksady Aşgabadyň binagärlik aýratynlygyny, gözellik babatdaky kämilligini, ekologik abadançylygyny, bagtyýar ýaşamak üçin döredilen şertleri, ýetilen belent sepgitleri, türkmen halkynyň ýurduň paýtagtyna bolan söýgüsini şöhlelendirmekden ybarat.

«Ak şäherim Aşgabat» bäsleşigine Türkmenistanyň dürli ýaşdaky raýatlary, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Olar öň başga neşirlerde çap edilmedik goşgulardyr makalalary bäsleşige hödürläp bilerler. Hödürlenen eserlerde Aşgabadyň gözelligi, ajaýyp şähergurluşyk-binagärlik keşbi, gazanan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri we olaryň ähmiýeti çeper beýan edilmelidir. Makalanyň möçberi 3 kagyzdan uly bolmaly däldir.

Hödürlenýän eserler «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen şu ýylyň 15-nji maýyna çenli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir. Ýörite döredilen eminler topary tarapyndan saýlanyp alnan kämil makalalar hem-de goşgular «Aşgabat» gazetinde çap ediler.

Bäsleşik Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda — maý aýynyň ikinji ongünlüginde jemleniler. Onuň ýeňijilerine Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgat gowşurylar.

Habarlaşmak üçin «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: 39-95-31, 39-96-24.

«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany

Email: asgabat-gazeti@sanly.tm