Hepdäniň duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýtdy.  Bu hakynda «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalaryna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa  maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri çaltlandyrmak barada tabşyryk berdi.

Öňde durýan ilkinji wezipeleriň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek hem-de beýleki maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.