Daşoguz welaýatynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede gazanan ýeňişlerine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Hususan-da, bu dabaralar şu ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli guraldy.

Daşoguz şäherindäki dabaraly çäreler şäheriň Görogly meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň sahnalaşdyrylan çykyşlary görkezildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, taryhyň dürli döwürlerine şaýatlyk edýän milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşdylar.

Ady dünýä dolan toparyň Daşoguz şäheriniň belent başly binalarynyň uzyn hataryny aralap geçen atly ýörişi toý görnüşlerine beslendi. “Türkmeniň ak öýi” binasy bu dabaralaryň giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygy, mertligiň, gözelligiň we wepalylygyň nyşanydygy bellenildi.

Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň giň sahnasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitlerdir gyzlaryň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Dabaraly çäreler tamamlanansoň, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralara niýetlenen binada agzaçar sadakasy berildi.

Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm