Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen geçiren duşuşygynda işewürlik meseleleri boýunça Türkmenistan — Astrahan bilelikdäki geňeşiň nobatdaky mejlisine taýýaryk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Taraplar 2025-nji ýylyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy döwre öwrülendigini bellediler. Wladimir Golowkowyň aýtmagyna görä, degişli ýylyň jemleri boýunça Astrahan welaýatynyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 38 göterim ýokarlandy. Balyk önümleriniň iberilişi dört esse artdy, bugdaý ununyň eksporty bolsa üç esseden hem köp ýokarlandy.
Sebitde Türkmenistanda öndürilen taýýar dokma önümleriniň importy dört esse artdy.
Duşuşygyň dowamynda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek, Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanalarynyň kooperasiýasy, şeýle hem doganlaşan Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Çeşme: “Lenta nowosteý Astrahani” neşiri