Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hatynda Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti