Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 140 müň dollaryna deň bolan jemi 33 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, dizel we peç ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, gurluşyk materiallaryny we el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 27 million 619 müň manatdan gowrak boldy.