Türkmenistanyň DIM-inde 17-nji fewralda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Brifingiň dowamynda taslama-maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Türkmenistanda daşky gurşaw, sanlylaşdyrma, ulag, kanunyň hökmürowanlygy hem-de hususy pudagy goldamak ugurlarynda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän, takmynan, 30 ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamanyň işjeň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda DARYA başlangyjy hem-de «Horizon Europe» maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk, şeýle hem ulag baglanyşygy we Hazarüsti ugry ösdürmek ýaly ugurlar kesgitlenildi.
Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen esasy çäreler, şol sanda parlamentara dialog, Adam hukuklary boýunça dialog, «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň mejlisi, «ÝB – Merkezi Aziýa» ministrler duşuşygy hem-de beýleki degişli çäreler bellenildi.
Brifingiň netijeleri boýunça ÝB-niň we Türkmenistanyň 2026-njy ýylda hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmäge hem-de onuň amaly mazmunyny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.