Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ilatyň saglygyny goramak esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn iýmitlenmek, temmäkä garşy göreşmek boýunça işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.