Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň çaklamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş derejesi 7 göterime deň bolar. Bu barada «Бизнес Туркменистан» saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşine täsir edýän esasy görkezijiler hökmünde ÝÖTB importyň ornuny tutýan önümçilik strategiýasyny, Bitaraplyk hukuk derejesini we dünýäde gazyň bahasynyň ýokarlanmagyny bellediler.
Geljek ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşiniň 6 göterim bolmagyna garaşylýar. «Ýurtda uglewodorodyň eksportynyň girdejilerine we döwlet bergisiniň azlygyna salgylanyp, býujet sazlaşygynyň berkligi bellenilýär» - diýip, Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň hasabatynda aýdylýar.