«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilen bilelikde alymlaryň, maglumat tehnologiýasy (IT) hünärmenleriniň, žurnalistleriň arasynda «Arkadag şäheri — «akylly» şäher» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan bina bolan şäheriň «akylly» mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen geçirilýär.

Arkadag şäheriniň özboluşly aýratynlyklary, elýeterli bolan sanly mümkinçilikler, ornaşdyrylan tehnologiýalar hem-de döwrebaplyk bilen innowasiýanyň sazlaşygy döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserleriň many-mazmunyndan eriş-argaç bolup geçmelidir. Şeýle hem döredijilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşygy bilen bagly gymmatly pikirleri, berýän tabşyryklary öz beýanyny tapmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik eserlerini «Arkadag şäheri — «akylly» şäher» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) goşup, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna (Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28, Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy) ýa-da arkadag_gazeti@sanly.tm elektron salgysyna ibermeli.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylaryň adyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 57-39-66, 57-39-68.