Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar hem-de desgalar toplumy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri üçin harby hünärmenleri taýýarlamak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle-de ozal berlen tabşyryklaryň we kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilişi baradaky hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary we görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekip, general-maýor Nazar Atagaraýewi, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Meredowy belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti