Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ykdysady, bank we halkara maliýe guramalaryna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet emlägini ynamly taraplara dolandyrmaga bermegiň bäsleşikli esasynyň tertibini işläp taýýarlandygyny habar berdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.

Resminama döwlet emlägini hususy ulanyşa bermek üçin zerur bolan kadalary özünde jemleýär.