Türkmenistanda 2026-njy ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň; şeýle-de welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine, beýleki edaralara miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag, üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini, beýleki edaralary ýeterlik mukdarda üzüm hem-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň ekilişine, ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.