27-nji sentýabrda Türkmenistanyň ýaşaýjylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny belläp geçdi. Ähli sebitlerde baýramçylyk çäreleri — sungat ussatlarynyň konserti, sergiler, döredijilik gezelençleri, şeýle hem täze durmuş maksatly binalaryň açylyşy guraldy. 

Baýramçylygyň esasy wakalary paýtagtymyzda ýaýbaňlandyryldy. Günüň birinji ýarymynda Aşgabadyň günorta bölegindäki döwlet münberiniň täze meýdançasynda harby hem baýramçylyk ýörişi  geçirildi. Şol günüň baýramçylyk çäreleri açyk asmanyň astynda guralan uly konsert hem-de dürli öwüşginli feýerwerkler bilen dowam etdi.

Daşary döwletleriň wekilleriniň birnäçesi — hökümet we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, işewürler toparlary bu dabaralara hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar.