Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynyň dowamynda ýakyn geljekde ýurdumyzda aýratyn salgyt tertibine eýe bolan erkin ykdysady zolaklaryň dörediljekdigini belledi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

 «Netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmekde gazanan tejribelerimizden ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň has möhüm guraly hökmünde çeýe salgyt syýasatyny alyp bararys. Milli önümlerimiziň we hyzmatlarymyzyň eksportyny bökdençsiz üpjün edýän oňaýly şertleri dörederis. Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan erkin ykdysady zolaklary, gymmat bahaly kagyzlaryň ikinji bazaryny hem ýola goýarys. Gazna biržalarynyň işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam berer», – diýip, döwlet Baştutanymyz  nygtady. 

Geljek 7 ýylyň dowamynda  maliýe bazarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bankyň ilata hödürleýän hyzmatlarynyň sany artdyrmak, gymmatly kagyzlaryň bazary institutyny  ösdürmek, şeýle hem ätiýaçlandyryş ulgamyny  giňeltmek göz öňünde tutulýar. 

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenilýän sarp ediş we ipoteka karzlarynyň  möçberiniň artdyryljakdygy habar berildi.