Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler.

Pikir alyşmalar «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bilen dowam etdi. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti