Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 558 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň jemi 17-si baglaşyldy.
Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýlekileriň işewürleri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. Türkiýeli, özbegistanly we azerbaýjanly telekeçiler daşary ýurt pulunyň hasabyna dokma önümlerini – nah ýüplügini, tekiz dokalan tüýjümek önümleri, şeýle hem aýna listlerini satyn aldylar.
Manat serişdeleriniň hasabyna hindistanly telekeçilere nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 161 müň manada deň boldy.
Ýerli telekeçiler tarapyndan umumy bahasy 11 million 938 müň manat bolan «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polipropilen hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt satyn alyndy.