Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýany adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenişi ýaly, geçirilen dabara özara düşünişmek, ynanyşmak, döwletara dialogy berkitmek, parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başarmak ýörelgeleriniň häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini hem-de wezipelerini çözmekde örän möhüm, täsirli we öňdengörüjilikli çemeleşmeler bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.

“Biz Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garaýarys hem-de muňa aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halky bilen bu ýurtlaryň halklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer arabaglanyşyklar bar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär we ýurtlarymyzyň ileri tutýan maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň, ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny, abadançylygyny üpjün etmäge, Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp şert bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

“Şeýh bin Zaýed beýik adamdy. Maňa-da ençeme gezek onuň bilen bir supranyň başynda parahatçylyk barada söhbet etmek miýesser edipdi. Şunuň esasynda Azerbaýjanyň Prezidentine we Ermenistanyň Premýer-ministrine adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, netijeli özara gatnaşyklara, bilelikdäki giň möçberli ykdysady we infrastruktura taslamalaryna çykmaga täze itergi berer diýip berk ynanýaryn. Türkmenistanyň bu babatda döredijilikli başlangyçlarydyr mümkinçilikleri oňyn garşylaýandygyny hem-de goldajakdygyny mälim etmek isleýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işleriňizde uly üstünlikleri, siziň goňşy ýurtlaryňyzyň halklaryna bolsa mizemez parahatçylyk, bagt we rowaçlyk, tutuş dünýäniň ähli halklaryna abadançylyk, parahatçylyk arzuw edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti